
Wagt ýitirmezden, ýolagçylygyňyzy öňünden meýilleşdiriň.
"Duralga" programmasy şäher ulaglarynyň hereketini takyk öz wagt tertibinde yzarlamaga mümkinçilik berýär.
Şäheriň ähli duralgalary we awtobuslary bir kartada — hereketde.
Hawa, häzirki wagtda programma doly mugt. Geljekde täze abuna ýazylyş mümkinçilikleri hödürlenmegi meýilleşdirilýär, ýöne programmanyň esasy funksiýalary ähli ulanyjylar üçin mugtlygyna galar.
Programmanyň maglumatlary takyk wagt tertibinde täzelenýär we häzirki ýol hereketiniň ýagdaýyny görkezýär. Awtobuslaryň geljek wagty ýol hereketiniň dykyzlygyna, howa şertlerine we beýleki faktorlara baglylykda üýtgäp biler. Muňa garamazdan, programma ulanyjylara mümkin bolan iň takyk maglumatlary hödürlemäge çalyşýar.
Duralga Android we iOS operasion ulgamlarynda işleýär. Programmany Google Play we App Store arkaly mugt göçürip alyp bilersiňiz.
Duralgalaryň sanawy bellenen awtobus gatnawlary esasynda düzülýär we yzygiderli täzelenýär. Eger nädogry maglumat görseňiz ýa-da täze duralga teklip etmek isleseňiz, programmanyň “Pikirler” bölümi arkaly bize ýüz tutup bilersiňiz.
Hawa, awtobuslaryň ýerleşişini takyk wagt tertibinde görmek üçin internet birikmesi zerurdyr. Şeýle-de bolsa, kartalar we ugurlar ýaly käbir mümkinçiliklerden çäkli derejede oflaýn hem peýdalanyp bolýar.
Häzirki wagtda programma Aşgabat, Arkadag, Türkmenbaşy şäherleriniň hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň jemgyýetçilik ulaglaryny öz içine alýar. Geljekki täzelenmelerde täze şäherleriň hem goşulmagy meýilleşdirilýär.
Programma enjamyňyzyň geolokasiýasyny ulanyp, size iň ýakyn awtobus duralgalaryny kartada awtomatiki ýagdaýda görkezýär. Şeýle hem, gözleg arkaly duralganyň adyny girizip, ony aňsatlyk bilen tapyp bilersiňiz.
Programma adaty sagatlaýyn tertibi däl-de, awtobuslaryň hakyky wagt boýunça ýerleşýän ýerini görkezýär. Şeýle çemeleşme ýol hereketiniň häzirki ýagdaýyny nazara alýandygy sebäpli has takyk maglumat berýär.
Ilki bilen programmanyň iň soňky wersiýasyny Google Play ýa-da App Store arkaly täzeläň we internet baglanyşygyňyzy barlaň. Mesele dowam edýän bolsa, programmanyň «Pikirler» bölümi arkaly biz bilen habarlaşyň. Biz mümkin boldugyndan gysga wagtda meseläni çözmäge çalyşarys.
Ýok, programma ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryny ýygnamaýar we saklamaýar. Geolokasiýa diňe golaýdaky duralgalary we ugurlary kartada görkezmek maksady bilen ulanylýar.
Programmada ugur belgisi ýa-da duralganyň ady boýunça gözleg geçirip bilersiňiz. Gözlegiň netijesinde degişli ugruň ähli duralgalaryny öz içine alýan interaktiw karta görkeziler.
Duralga programmasy şäher ýaşaýjylary we myhmanlary üçin niýetlenip, jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmagy has amatly etmek maksady bilen Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, “Takyk Ulgam” HJ we Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy tarapyndan işlenip düzüldi.
PRO
Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, gündelik gatnawlaryňyzy rahatlyga öwrüň. Biz size diňe bir programma däl, eýsem şäherdäki ynamdar ýolbelediňizi hödürleýäris
Duralganyň täze mümkinçiliklerini ilkinjileriň hatarynda synap görüň, pikirleriňizi we teklipleriňizi paýlaşyň. Duralgany bilelikde ösdüreliň!
Ýolagçylara şäher awtobuslarynyň gatnawlary we duralgalary barada maglumat berýän mobil goşundy